Katar howa ýollaryna degişli uçar gyssagly gonmaly boldy

Uçar ýangyn söndürijileriň giň-gerimli çäre görmegi bilen Atatürk howa menziline gondy

554594
Katar howa ýollaryna degişli uçar gyssagly gonmaly boldy

Katar howa ýollaryna degişli Stambul-Doha saparyny ýerine ýetirýän ýolagçy uçar uçanyndan gysaga wagt soň, dwigatelinde emele gelen tehniki näsazlyk sebäpli Atatürk howa menziline gyssagly gondy.

Doha gitmek üçin uçan uçaryň çep tarapyndan dwigatelinde ýangyn emele geldi.

Dwigatelindäki tehniki näsazlyk sebäpli howa menziliň işgärleri bilen aragatnaşyga geçen uçarman yzyna gaýdyp gyssagly gonmak üçin rugsat sorady.

Uçar ýangyn söndürijileriň giň-gerimli çäre görmegi bilen Atatürk howa menziline gondy.



Degişli Habarlar