Tekirdag welaýatynda uçar heläkçiligi boldy
Wakada 2 adam ýogaldy
553754
![Tekirdag welaýatynda uçar heläkçiligi boldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/ae53/1527/2e3f/57b43a9d5e6b5.jpg?time=1719319142)
Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Çorlu howa menzlinden uçan tälim uçarynyň Ahimehmet obasynyň golaýyna ýere gaçmagy sebäpli 2 adam ýogaldy. Uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygy entek bilinenok.
Ergene etrabynyň gubernatory Fatih Kyzyltoprak ýogalanlaryň biriniň tälimçi, beýlekisiniň bolsa talypdygyny mälim etdi.
Kawakçatagy diýilen ýere gaçan uçarda ýangyn ýüze çykdy, wakanyň bolan ýerine ýangyn söndüriji we tiz kömek ulaglary iberildi.
Degişli Habarlar
![Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/c867/317c/6e97/667ab19754d46.jpg?time=1719319143)
Erdogan Bilen Putin Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Iki lider Russiýanyň Dagystan sebitinde guralan terrorçylykly hüjüm hakynda pikir alyşdy.