“Ýewropa bizi ýalňyz goýdy”

ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçileri Mejlise baryp gördi

552763
“Ýewropa bizi ýalňyz goýdy”

ÝB-ne agza ýurtlaryň ilçileri  1 aý soň Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda bombalanan Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine baryp gördi.

Bombalanan ýerleri gören we gül desselerini goýan ÝB-ne agza 26 ýurduň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri soň bolsa Mejlisiň başlygy Ismail Kahraman tarapyndan kabul edildi.

Ilçilere agdarlyşyk gijesini gürrüň beren Kahraman “Ýewropa bizi ýalňyz goýdy” diýdi.

Türk halkynyň bu etapda gynansakda diňe günbatarly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň däl eýsem ýewropaly syýasatçylaryň hem öz gymmatlyklaryna ters hereket edýändigine şaýat bolandygyny aýdan Kahraman, ÝB-niň demokratiýa gymmatlyklaryna eýe çykan Türkiýe bilen arkalaşykly hereket etmegiň ýerine türk halky ýalňyz goýandygyna aýratyn ünsi çekdi.

Mejlisiň başlygy Kahraman “Yzygiderli ýagdaýda Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk gepleşiklerini bökdeýän ýewropaly liderler Fetullahçy terror guramasynyň agdarlyşyk synanşygyna garşy Türkiýä ýeterlik goldawy bermedi. 15-nji iýul gijesi başdan geçirlen terrorçylykly hüjümlerde 35 uçar, 37 dik uçar, 74-i tanky bolmak bilen jemi 246 sowutly ulag, 3 gämi we 3992 ýeňil ýarag ulanyldy. Agdarlyşyk synanşygyna gatnaşan şol harby güýç ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň ýaragly güçleriniň inwentaryndaky ýaraglardan has köp. Fransiýada guralan Çarli Ebdo hüjümine görkezilen garşylygy we arkalaşykly tutumy gynansakda Türkiýede görüp bilmedik. Ýewropaly liderleriň Türkiýede hem edil şonuň ýaly bir ýere jemlenşip synanşyga garşylyk görkezmeklerine garaşýardym” diýdi.

Kahraman FETÖ-nyň agdarlyşyk synanşygyna garşy halkyň saýlanan hökümetine we demokratiýasyna eýe çykandygyny aýratyn belledi.

Mejlisiň başlygy Kahramanyň çykyşyndan soň käbir ýurtlaryň ilçileri söz aldy.

ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçysy Slowakiýanyň Ankaradaky ilçisi Anna Turenikowa agdarlyşyk synanşygyny ýazgarýandyklaryny aýtdy.

 



Degişli Habarlar