Erdogan: “Türkiýe hukuk döwleti bolmagynda galar”

Prezident R.T.Erdogan Prezidentiň kompleksinde Türkiýäniň aklawçylar bileşmesiniň başlygy Metin Feýziogluny we bileligindäki topary kabul etdi

553155
Erdogan: “Türkiýe hukuk döwleti bolmagynda galar”

Erdogan duşuşykda sözlän sözünde Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda milletiň tapawut goýmazdan aýa galandygyny, bedenlerini güllelere galkan edendigini aýtdy.

Huntaçylara garşy göreşin hukuk döwletiniň düzgünlerine laýyklykda dowam etdirilýändigini nygtan Erdogan: “Hukukçylar birleşmeleriniň başlyklary şuňa ynansynlar: Türkiýe hukuk döwletidir we hukuk döwleti bolmagynda-da galar. Ýurdumyza we milletimize söweş yglan eden huntaçylara garşy göreş ilkinji pursatdan bäri hukuk döwletiniň düzgünlerine laýyklykda alynyp barylýar. Milletimiz we howpsyzlyk güýçlerimiz, aklawçylar, kazylar 15-nji iýul gijesi huntaçylara garşy durdylar” diýdi.

Türk milletiniň 15-nji iýul gijesi taryhy synagdan geçendigini aýdan Erdogan: “15-nji iýul gijesinde türk milletiniň gelip çykyşyna garamazdan 79 millionyň ählisi taryhy synagdan üstünlik bilen geçdiler. Hiç kim buýsandyryjy netijä şek ýetirip bilmez” diýdi.

Erdogan türk halkynyň agdarlyşyga garşy gaýduwsyzlyk bilen göreşendigini nygtap: “Huntaçylar nähili wyždansyz, ahlaksyz, ganhor, düşünjesiz bolsa, milletimiz şonça asylzada, gaýratly, batyrgaý çemeleşdi. Bu millete diňe sarpa goýmaly. Bu millet alnyndan ogşalmaly millet” diýdi.

Türkiýäniň uzak ýyllaryň dowamynda hyýanatçylykly peýdalanylandygyna ünsi çeken Erdogan: “Şu gün yza öwrülip ser salanymyzda Türkiýäniň uzak ýyllaryň dowamynda töhmet, boş söz, gözboýagçylyk bilen ýurduna we döwletine eýe çykandygyny öňe süren göýä saýlama adamlar tarapyndan hyýanatçylykly peýdalanylandygyna göz ýetirýäris. Emma 15-nji iýulda huntaçy terrorçylaryň ýaraglary atylmaga başlananda şol gözboýagçylaryň hiç biri ýokdy. Köçeleri, meýdanlary dolduranlar, tanklaryň öňüne ýatanlar, şol saýlama adamlar däldi, bu ýurduň ortaça raýatlarydy” diýdi.



Degişli Habarlar