Ýyldyrym synanyşyga Saud Arabytanynyň goldaw berendigi baradaky bellikleri ýalana çykardy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk synanyşygyna goldaw beren ýurtlaryň arasynda Saud Arabystanynynyň hem bardygy baradaky tankydy bellikleri ýalana çykardy

551397
Ýyldyrym synanyşyga Saud Arabytanynyň goldaw berendigi baradaky bellikleri ýalana çykardy

Premýer ministrligiň resmileri Premýer ministri Ýyldyrymyň Çankaýa köşgünde metbugat işgärleri bilen geçiren duşuşygy bilen baglanşykly maglumat berdiler.

Berilen maglumata görä: “Premýer ministrimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda agdarlyşyk synanyşygyna daşary ýurtlardan berilen goldawlar barada näme aýdyp geçdi? diýen soraga jogap beren resmiler: Saud Arabystanynyň goldaw berendigi barada käbir metbugat organlarynyň berýän maglumatlary ýalnyşdyr. Dost we doganlyk Saud Arabystany agdarlyşyk synanyşygyna garşy hökümetimize we ýurdumyza beren goldawyna minnetdarlyk bildirýäris  diýendigi” aýdylýar.



Degişli Habarlar