Baş prokuratura Güleniň tussag edilmegi bilen bagly resminamany Adalat ministrligine iberdi

Stambulyň Respublikan Baş prokuraturasy Fetullah Güleniň tussag edilmegini öz içine alýan reminamany ABŞ-nyň resmilerine ugratmagy üçin ýurduň Adalat ministrligine iberdi

551501
Baş prokuratura Güleniň tussag edilmegi bilen bagly resminamany Adalat ministrligine iberdi

Stambulyň Respublikan Baş prokuraturasy 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyny geçirmek barada buýruk beren Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň lideri Fetullah Güleniň tussag edilmegini öz içine alýan reminamany ABŞ-nyň resmilerine ugratmagy üçin ýurduň Adalat ministrligine iberdi.

Resminamada 15-nji iýulda Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna agza harbylaryň Türkiýe Respublikasyna garşy agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly başladylan derňew işiniň dowam etdirilýändigi ýatladyldy.

Harby agdarlyşyk synanyşygynyň Güleniň buýrugy bilen edilendigi anyklanandygy bellenen resminamada Güleniň yzyna berilmek baradaky talabyň ABŞ-a iberilmeginden ozal Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda Günälileriň yzyna berilmegi we jenaýat işlerinde özara ylalaşygyň esasynda wagtlaýyn tussag edilmegi barada talap bildirildi.



Degişli Habarlar