Prezident Erdogan Ýewropany berk tankyt etdi

Prezident Erdogan nemes RTL kanalyna beýanat berdi

551017
Prezident Erdogan Ýewropany berk tankyt etdi
cumhurbaşkanı alman televizonu rtl1.jpg

Prezident R. T. Erdogan 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna garşy Türkiýä ýeterlik goldaw bermedik Ýewropany berk tankyt etdi.

Prezident Erdogan nemes RTL kanalyna beren beýanatynda Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy, ÝB-niň tutumy we wiza ýeňilligi hakynda garaýyş beýan etdi.

Agdarlyşyk synanşygy bilen türk demokratiýasyna guralan hüjüme garşy Ýewropanyň Türkiýä ýeterlik derejede goldaw bermändigini aýdan Prezident Erdogan, “15-nji iýul gijesi agdarlyşyk edilmäge synanşyldy. 18-nji iýulda bolsa Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel telefon etdi we “başdan geçiriljek wakalar bizi aladalandyrmasyn”diýdi. Elbetde bular bizi gynandyrýar, emma biz ar almak üçin hereket etmeýäris” diýip belledi.

Agdarlyşyk synanşygyna garşy Ýewropadan goldawa garaşandyklaryny aýdan Erdogan, Parižde terrora garşy bir ýere jemlenşen Ýewropalylardan edil şonuň ýaly Türkiýe üçin birleşmeklerine garaşýardyk, Ýewropa ýurtlarynyň azyndan bir wekil ugratmaklaryna garaşandyklaryny emma beýle bolmandygyny nygtady.

FETÖ-nyň agdarlyşyk synanşygy sebäpli 240 adamyň ýogalandygyny, 2 müňden gowrak adamyň hem ýaralanandygyna ünsi çeken Prezident Erdogan “Türk demokratiýasyna guralan hüjümden soň diňe Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary, Ýewropaly 1 ministr we Kataryň Daşary işler ministri geldi. Munyň beýle bolmagyna gynanýarys” diýdi.

Prezident Erdogan Germaniýanyň Keln şäherinde iki hepde ozal geçirlen Agdarlyşyga garşy mitingde telekonferensiýa arkaly çykyş etmegine Germaniýanyň Ýokary kaziýetiniň rugsat bermändigine garşylyk görkezdi we “Men Germaniýanyň adalatyna bu meselede sarpa goýmaýaryn” diýdi.

Wiza erkinligi we ÝB bilen Türkiýäniň arasynda bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk hakynda durup geçen Prezident Erdogan Ýewropanyň wiza erkinligi üçin beren sözünde durmandygy üçin Türkiýäniň hem şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmejekdigini ýatlatdy.

Türkiýäniň Siriýa serhedinde başdan geçirilýän wakalar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan serhetdäki kynçylyklaryň çözülmeginde NATO-nyň Türkiýäni ýalňyz goýandygyny belledi.

 

 



Degişli Habarlar