Türkiýe üçünji atom energiýa bekedi üçin Hytaý bilen hyzmatdaşlyk eder

Atom energiýa bekedi toruny giňeltmegi maksat edinýän Türkiýe Hytaý bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

549864
Türkiýe üçünji atom energiýa bekedi üçin Hytaý bilen hyzmatdaşlyk eder

Energetika we tebigy serişdeler ministri Berat Albaýragyň iýun aýynyň ahyrynda Hytaýda gol çekişen ylalaşygy Mejlisde kabul edildi.

Şeýlelikde Prezident R.T.Erdoganyň 9-nji awgustda Russiýa guran taryhy saparynda “Akkuýu atom energiýa bekedi bilen bagly işleriň depgininiň güýçlendirilmegi” boýunça gazanylan ylalaşyk we Sinop welaýatynda guruljak beketde Ýaponiýa bilen ylalaşylmagyndan soň Hytaý bilen hem hyzmatdaşlyk ediler.

Üçünji bekediň İgneadada gurulmagy meýilleşdirilýär.

Mejlisde kabul edilen “Atom energiýasynyň parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagy baradaky ylalaşyk” atom energiýa beketleriniň we barlag reaktorlarynyň seljeriş işlerinden grafikasy, gurluşygyndan dolanşygyna çenli bolan tapgyry öz içine alýar.

Bekediň döwrebaplaşdyrylmagy, synagy, abatlaýyş işleri we sökülmegi hem hyzmatdaşlyga degişli.

Türkiýe we Hytaý atom energiýasynyň parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylyşynda başlangyç we tejribe barlaglaryny geçirip bilerler.

Atym minerallarynyň öwrenilmegi, magdanlardan çykarylmagy, işlenmegi we zyýansyz ýagdaýa getirilmegi üçin hyzmatdaşlyk ediler.

Ylalaşyk esasanda döwrebap reaktor we ýangyç bilen bagly tehnologiýalaryň bilelikde öndürilmegini öz içine alýar.

Türkiýe bu ugurda ilki Russiýa we Ýaponiýa bilen işleşmäge başlapdy. İndi Hytaý bilen hem işleşmek göz öňünde tutulýar.

İnženerler degişli ýurlarda bilim alarlar. Şol çäkde howpsyzlyk, ýaýraýyşyň öňüni almak, ekologik çydamlylyk we ykdysady netijelilik boýunça işler alynyp barylýar.

Prezident R.T.Erdogan Russiýa guran saparynda Akkuýu atom energiýa bekedindäki işler ýaňadandan gün tertibine geldi.


Etiketkalar: #AEB , #Russiýa , #Hytaý

Degişli Habarlar