“Arzuwymyz Russiýa bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi”

Prezident R.T.Erdogan Russiýa bilen gatnaşyklary has-da ösdürmegi arzuw edýändiklerini aýtdy

550150
“Arzuwymyz Russiýa bilen gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi”

Prezident Erdogan rus kärdeşiniň Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýul gijesindäki agdarlyşyk synanşygynyň ertesi güni özüne telefon edendigini we : “Beýle zady makullamagymyz mümkin däl. Näme boldy, nähili boldy, bulary soramak size telefon etmelidik. Ol ýa-da beýleki, aramyzdaky dostlugyň borjuny berjaý etdik” diýendigini aýtdy.

Terror guramalary PDÝ we ÝPG bilen bagly soraglara-da jogap beren Erdogan: “Biz Moskwada ofis açma meselesini gün tertibine getirdik. Onuň PÝD bilen baglanşygynyň bolmandygyny, jemgyýetçilik guramasydygyny aýtdy. Putin bizden eşitdi. İlkinji gezek bizden eşidendigini aýtdy. Elimizde suratlary bardy, görkezdik. Mesele bilen gyzyklanjakdyklaryny aýtdy” diýdy.

Demirgazyk Siriýada belli bir başlangyja alada bildrem Prezident Moskwa wekiliýet ugradyljakdygyny aýtdy.

“Şeýlelikde Moskwada wekiliýetimiziň alyp barjak işi iňňän möhüm. Bu biziň işlerimiz üçin hem başlangyç bolar” diýdi.

Türkiýe-Russiýa-Azerbaýjan üç taraplaýyn mehanizminiň dörediljekdigini aýdan Erdogan: “Esasanda häzirki wagtda bilşiňiz ýaly Garabag meselesi bar. Bu meselelerde Türkiýäniň degişli bolmagynda Minsk tapgyry başgaça netijeler berip bilerdi. Emma bu taýda üç ýurt Azerbaýjandan daşgary bu meselä degişlidi. Olar Russiýa, Fransiýa we Amerika. Emma 23-24 ýyl boldy. Entegem bu meseläni çözüp bilmediler” diýdi.



Degişli Habarlar