Kurtulmuş: “Döwlet gullukçylarynyň iş rugsatlarynyň gadagançylygy aýryldy”

Wise-premýer Kurtulmuş Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýanat berdi

547766
Kurtulmuş: “Döwlet gullukçylarynyň iş rugsatlarynyň gadagançylygy aýryldy”

Wise-premýer Kurtulmuş Fetullahçı terror guramasy FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň gaçan harby gullukçylar barasynda bolsa: “Türk ýaragly güýçleriniň 186 işgäri we Žandarm serkerdeliginin 30 gullukçysy, jemi 216 adam gaçgyn. Olar gaçdylar. Şolaryň arasynda 9 sanysy general çinindäki gaçgaklar bar” diýdi.

Ykdysady höweslendiriş meýilnamasy baradaky taýarlyklaryň dowam edýändigini aýdan Kurtulmuş: “Ykdysady töwerekler arkaýyn bolsunlar. Agdarlyşyk synanşygy we ondan soňky wakalar ykdysadyýete zeper ýetirmedi. Şol çäkde Ministrler kabinetiniň gün tertibine gelen ugurlardan biri hem höweslendiriş maksatnamasynyň çäginiň giňeldilmegi boldy. Ykdysadyýet bilen bagly ministrliklerimizi taýarlyklaryny dowam etdirýär” diýdi.

Wise-premýer we hökümetiň metbugat sekretary Numan Kurtulmuş döwlet gullukçylarynyň iş rugsatlaryna goýlan gadagançylyklaryň bes edilendigini aýty

Numan Kurtulmuş gurban baýramy dynç alyşynyň 9 gün boljakdygyny, emma entek Ministrler kabinetiniň gün tertibine gelmändigini mälim etdi.



Degişli Habarlar