Erdogan: “FETÖ diňe Türkiýede däl, eýsem Afrikada hem ýaýbaňlanmaga synanyşdy”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň diňe Türkiýede däl , eýsem Afrikada hem ýaýbaňlanmaga synanyşandygyny mälim etdi

546496
Erdogan: “FETÖ diňe Türkiýede däl, eýsem Afrikada hem ýaýbaňlanmaga synanyşdy”

Erdogan merkezi Katarda ýerleşýän Al-Jazeera telewideniýesine beren interwýusynda FETÖ-niň agdarlyşyk synanyşygy bilen baglanşykly soraglara jogap berdi.

Erdogan FETÖ-niň dini bir gurama däldigini, ýurdy we ykdysadyýeti gözegçilik astyna almaga synanyşan terror guramasydygyny belläp: “Zalyma garşy gowşak bolmak ezilene edilen bir hyýanatdyr. Agdarlyşykçylara garşy gowşak bolmarys. Olar dönükdir. Olara dözümsizlik etmeris” diýdi.

Derňew işleriniň dowam edýändigini, emma onuň uzak möhletli bir derňew boljakdygyny aýdan Prezident Erdogan: “Olaryň köküni ortadan aýyrarys. Döwleti ýaňadandan esaslandyrarys. Howpsyzlyk güýçlerimizi olardan saplarys. Bu ugurdaky işlere goldaw bereris” diýdi.

R.T. Erdogan 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň, özüniň ýurdu isleýşi ýaly dolandyrmak güýje eýe bolandygy baradaky habarlar bilen baglanşykly: “Bulary hiç wagt kabul etmerin. Men türk halkynyň maňa bermedigi hukugy ulanmaryn. Men konstitutsianyň maňa bermedik wezipäni hiç wagt ulanmak hukugyna eýe däl. Bu Taýýip Erdoganyň häsýetidir. Bütin dünýäniň şuny şular ýaly bilmegini isleýärin” diýdi.

Günbataryň Türkiýäni ýazgarmaga hukugynyň ýokdugyny nygtan Erdogan: “Men ýeriňizi biliň diýýarin. Adalatly boluň, durnuklu boluň. Halk tarapyndan saýlanan bir hökümete garşy edilen agdarlyşyk synanyşygy bagyşlanmaz. Bu agdarlyşyk synanyşygyna garşy sesini çykarmaýanlar totalitar ulgamy demokratiýa çalyşanlardyr. Bu meýilnamalary bozan halkymy alnyndan öpýärin” diýdi.

Waşington hökümetiniň Güleni yzyna berilmegi babatynda resminama isländigini bellän Türkiýäniň Prezidenti Baş ştabyň başlygy Hulusi Akaryň harby agdarlyşyk synanyşyk güni tussag edilip, FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Gülen bilen duşurmak islenendigini, onuň hem iň uly delildigini habar berdi.

Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladmiri Putiniň agdarlyşyk synanyşygy gününiň ertesi jaň edip şehitler üçin gynanç bildirendigini we ýurdunyň türk hökümetine goldaw berýändigini aýdandygyny bellän Erdogan sişenbe güni işewür adamlaryndan ybarat topar bilen Russiýa gitjekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar