“Agdarlyşyk synanyşygynyň esasy maksady ýurduň basylyp alynmagyny açyk ýagdaýa getirmekdi”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk synanyşygynyň esasy maksadynyň ýurduň basylyp alynmagyny açyk ýagdaýa getirmekdigini belledi

546674
“Agdarlyşyk synanyşygynyň esasy maksady ýurduň basylyp alynmagyny açyk ýagdaýa getirmekdi”

Hususy telewideniýeleriň birine myhman bolan Kurtulmuş agdarlyşyk synanyşygy barada beýanat berdi.

Agdarlyşyk synanyşygynyň millet tarapyndan yzyna serpikdirilendigini, adatdan daşary ýagdaýyň çäginde kanun hökmünde kararnamalaryň esasynda agarlyşyk synanyşygyna gatnaşanlaryň adalatyň öňünde hasap berjekdiklerini aýdan Kurtulmuş milletiň asuda bolmalydygyny, parlamentiň milli ygtyýaryň işleýşiniň kepilligi ýagdaýyna geljekdigini habar berdi.

Numan Kurtulmuş: “Bundan soň bu adamlar bu ýagdaýda bu ýaraglary, uçarlary alyp bilmezler. Bu iş tamam boldy. Türkiýede agdarlyşyk synanyşygyny edeliň diýip bir ýere jemlenen 3-4 adamyň agdarlyşyk synanyşygyny edip boljak bir ýurt däldigini Türkiýe tassyklady” diýdi.

Wise-premýer Kurtulmuş FETÖ agzalarynyň esasy maksadynyň ýurtda içerki söweş çykartmakdygyny, syýasaty bölüp, işlemejk ýagdaýa getirmekdigini we ýurduň basylyp alynmagyny açyk ýagdaýa getirmekdigini habar berdi.



Degişli Habarlar