Halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

Demokratiýa nobatynda halk şehitler we gahrymanlar üçin doga etdi

546128
Halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär
çavuşoğlu kısıklı.jpg
taksim sümeyye erdoğan.jpg

Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezmek üçin Türkiýäniň 81 şäherinde meýdanlarda bir ýere jemlenşen halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Prezident R. T. Erdoganyň “meýdanlara çykyň” diýip beren çagryşyna laýyklykda ýaş uly-ýaş kiçi diýmezden müňlerçe adam 15-nji iýuldan bäri türk baýdaklary bilen demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Ankarada 15-nji iýul Gyzylaý demokratiýa meýdanynda halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Demokratiýa nobatynda halk şehitler we gahrymanlar üçin doga etdi.

Agdarlyşykçylara ilkinji gülläni atan şehit ofiser Ömer Halisdemiriň dogan garyndaşlary we obadaşlary hem demokratiýa nobatyna gatnaşdy.

Ankaranyň şäher häkimi Melih Gökçek şehit ofiser Ömer Halisdemiriň adynyň Ankarada baky ýaşajakdygyny aýtdy.

Palestinali we liwanly sungat ussatlary hem ýerine ýetiren aýdymlary bilen demokratiýa nobatyna goldaw berdi.

Palestinaly şahyr Jihad At Turbanyň ýazan “15-nji iýul gahrymanlary” atly şygyry liwanly Gruba tarapyndan ýerine ýetirildi.

Halk Prezident kompleksinde ýerleşýän Millet metjidiniň öňünde demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Stambullylar hem şowhunly ýagdaýda demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Taksimde bir ýere jemlenşen halk demokratiýa ýüzlenmelerini berdi.

Maşgala we sosýal syýasatlat ministri Fatma Betül Saýyn Kaýa bilen Prezident R. T. Erdoganyň gyzy Sümeýýe Erdogan Baýrakdar hem Taksim meýdanynda demokratiýa nobatyna gatnaşdy.

Stambullylar Prezident Erdoganyň Kysyklydaky öýüniň öňünde hem demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem demokratiýa nobaty üçin Kysykla bardy.

 



Degişli Habarlar