"Siriýa krizisini Russiýa bilen birlikde syýasy taýdan çözmek isleýäris"

Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn Siriýa krizisini Russiýa bilen birlikde syýasy taýdan çözmek isleýändiklerini aýtdy

545345
"Siriýa krizisini Russiýa bilen birlikde syýasy taýdan çözmek isleýäris"

Rus habarlar gullugy TASS-a beýanat beren Kalyn; “Siriýa meselesini Russiýa bilen birlikde çözmek isleýäris. Ýagty geljek we Siriýada syýasy geçiş etabynyň gysga wagtda başlamagy üçin Russiýa bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýäris” diýdi.

Kalyn Russiýa bilen Türkiýäniň 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda ilki Soçide, soň Moskwada geçirlen ýokary derejeli gepleşiklerde Halkara Siriýa goldaw topary meselesini ara alnyp maslahatlaşandygyny nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Prezident R. T. Erdoganyň 9-njy awgustda San Peterburg şäherinde boljak duşuşygy hakynda hem durup geçen Kalyn, iki lideriň özara gatnaşyklar bilen birlikde Siriýa krizisi we terrora garşy göreş hakynda pikir alyşjakdygyny ýatlatdy.

Kalyn Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Fetullahçy terror guramasy-Parelel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýä beren goldawyny takdyr edýändiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar