Kylyçdarogly Demokratiýa we şehitler mitingine gatnaşar

Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli hem mitinge gatnaşar

545844
Kylyçdarogly Demokratiýa we şehitler mitingine gatnaşar

 

Jemhuriýet halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly 7-nji awgustda Stambul Ýenikapyda geçiriljek “Demokratiýa we Şehitler” mitingine gatnaşjakdygyny aýtdy.

Jemhuriýet halk partiýasy Prezident R. T. Erdoganyň mitinge gatnaşmak üçin beren çagyryşyny ara alyp maslahatlaşmak üçin adatdan daşary ýagdaýda jemlenişdi.

JHP-nyň merkezi dolanşyk geňeşiniň maslahatyndan soň beýanat beren Selin Saýek Böke, Kylyçdaroglynyň Premýer ministr Binaly Ýyldyryma telefon edip Ýenikapyda geçiriljek mitinge gatnaşjakdygyny mälim etjekdigini aýtdy.

Jemhuriýet halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglynyň Demokratiýa we şehitler mitinginde çykyş etmegine garaşylýar.

Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli hem mitinge gatnaşar.

Fetullahçy terror guramasy-Parelel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň birnäçe günden bäri dowam edýän demokratiýa nobatlary 7-nji iýulda ýekşenbe güni Stambul Ýenikapyda geçiriljek Demokratiýa we şehitler mitingi bilen ýapylar.

Mitinge 5 million adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar