81 şäherde meýdanlarda jemlenşen halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

Müňlerçe adam 15-nji iýuldan bäri türk baýdaklary bilen demokratiýa nobatyny dowam etdirýar

545441
81 şäherde meýdanlarda jemlenşen halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

Fetullahçy terror guramasy-Parelel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezmek üçin 81 şäherde meýdanlarda jemlenşen halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Prezident R. T. Erdoganyň “meýdanlara çykyň”diýip beren çagyryşygyna laýyklykda ýaş uly-ýaş kiçi diýmezden müňlerçe adam 15-nji iýuldan bäri türk baýdaklary bilen demokratiýa nobatyny dowam etdirýar.

Stambulda demokratiýa nobaty şäheriň çar tarapynda dowam edýär.

Üsküdar Kysyklyda Prezident P. T. Erdoganyň öýüniň öňünde hem müňlerçe adam demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Taksim meýdanyndaky demokratiýa nobatynda taryhçy-ýazyjy Prof.Dr. Erhan Afýonju bilen žurnalistler Murat Ýetkin we Akif Beki halka ýüzlenip çykyş etdi.

Ankarada hem Prezident kompleksinde we Gyzylaý meýdanynda jemlenşen müňlerçe adam demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Meýdanlarda milli jebislik we bitewilik ýüzlenmesini beren halk Prezident R. T. Erdoganyň TRT-ä beren beýanatyna tomaşa etdi.

İzmirde Fetullahçy terror guramasy FETÖ-nyň agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezen izmirliler Konak meýdanyndaky demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

JHP-nyň Gündogdu meýdanyndaky “Jemhuriýet we demokratiýa” mitingine gatnaşan soň Konak meýdanyna gelen Adalat we Ösüş partiýasynyň İzmir welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy Bülent Delijan türk halkynyň watanperwer perzentlerinin agdalyşyk synanşygyny yzyna serpikdirendigini aýtdy.

Kilis şäherinde türk halky siriýanyň we palestinanyň raýatlary bilen birlikde agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezdi.

Bitlis, Mersin, Giresun we Riza şäherlerinde demokratiýa nobatyny dowam etdirýän halk agdarlyşyk synanşygyna garşy şygarlar aýtdy.

 



Degişli Habarlar