“Agdarlyşyk synanşygynyň FETÖ tarapyndan guralandygyny bilmezlik üçin kör we ker bolmaly”

Erdogan Meksikanyň Telewise telewideniýe kanalyna beýanat berdi

544088
“Agdarlyşyk synanşygynyň FETÖ tarapyndan guralandygyny bilmezlik üçin kör we ker bolmaly”

Prezident R. T. Erdogan 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ tarapyndan  guralandygy hakynda delilleriň bardygyny aýtdy.

Meksikanyň Telewise telewideniýe kanalyna beýanat beren Erdogan “Agdarlyşyk synanşygynyň FETÖ tarapyndan guralandygyny bilmezlik üçin kör we ker bolmaly” diýdi.

FETÖ-nyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň ABŞ-dan yzyna berilmegi etaby hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan; “Biz sizden bir terrorçynyň yzyna berilmegini isleýän bolsak, siz hem şol terrorçyny bize bermeli. Eger bizden delil soraýan bolsaňyz onda biz terrora garşy göreşip bilmeris. Bizden delil soraýarlar. Nämäniň delilini bereli. Biz terrora garşy göreşde wagt ýitirip bilmeris” diýdi.

Prezident Erdogan Milli howpsyzlyk strategiýasynda bularyň terror guramasy hökmünde sanawa alynandygyny, ellerinde adalat organlarynyň kararlarynyň bardygyny, agdarlyşyk synanşygy gijesi Baş ştabyň başlygy Hulusi Akaryň kömekçisi tarapyndan zamun alynandygyny we Gülen bilen duşuşdyrmak isländiklerini  synanşyga gatnaşan generalyň boýun alandygyny belledi.

Türkiýede adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmeginiň käbir ýurtlary biynjalyk edendigini aýdan Erdogan “Biz agdarlyşyk synanşygyna sezewar bolduk. Synanşyga garşy hiç kim bize goldaw bermedi. Ýewropa Geňeşinden ýada ÝB-den goldaw üçin gelen bolmady” diýdi.

 



Degişli Habarlar