Erdogan ýewopaly liderleri tankyt etdi

Prezident R.T.Erdogan agdarlyşyk synanşygyndan soň Ýewropadan ýeke-täk lideriň Türkiýä gelmänligini tankyt etdi

543459
Erdogan ýewopaly liderleri tankyt etdi

Erdogan “kriminal bir gurama bar, P 2 öýjügine meňzeýär” diýmek bilen, Fetullahçy terror guramasyny İtaliýada döwletiň esasy organlaryny ele geçiren we köp sanly jenaýatkäri näbelli jenaýatdan günäkärlenen mason öýjügine meňzetdi.

Prezident Erdogan İtaliýanyň “RAİNEWS24” teleýaýlymyna beren interwýusynda 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň yza serpikdirilendigine garamazdan howpyň dowam edýändigini aýtdy.

Prezident R.T.Erdogan: “Meniň ýurdumda agdarlyşyk synanşygy boldy. Günbatar demokratiýanyň tarapyndamy, agdarlyşygyň tarapyndamy?. Berilen beýanatlara görä olar agdarlyşygyň tarapyndadyr öýdýärin” diýdi.

Erdogan ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Federika Mogeriniň agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýäniň gören çäreleri barada aýdanlaryna berk reaksiýa görkezdi.

Prezident Erdogan: “İtaliýan mejlisi bombalansa näme bolardy? Mogerini bir italian hökmünde şeýle çemeleşermidi? Mundan beýläk ÝB bilen gepleşikler nähili dowam eder, aladalanýaryn” diýdi.

Mogerini barada: “Daşardan pikir beýan etmeli däldi, pikir beýan etmegiň ýerine ilki Türkiýä gelmelidi” diýen Erdogan: “Parižde terror hüjümleri bolýar, 5-10 adam ýogalýar, hemmeler ol ýere gidýär. Türkiýede demokratiýa garşy agdarlyşyk synanşygy guralýar. 238 şehidimiz bar, emma Ýewropadan hiç kim bäri gelmedi” diýdi.

15-nji iýuldaky hyýanatçylykly synanşygyň basylyp ýatyrylandygyna garamazdan Türkiýede howpyň dowam edýändigine ünsi çeken Prezident Erdogan, bosgunlar meselesi barada bolsa: “Türk raýatlaryna wiza erkinligi berilmese Bosgunlaryň yzyna kabul edilmegi baradaky ylalaşyk bes ediler” diýdi.

Erdogan ölüm jezasy baradaky soraga bolsa halkyň 57 göteriminiň onuň dikeldilmegini isleýändigini nygtap: “Eger Mejlis ony tassyklan halatynda hiç kim hiç zat diýip bilmez” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar