Bingölde terrorçylaryň guran bombaly hüjüminde 6 polis gullukçysy şehit boldy

Hüjümde 1-i agyr 3 polis gullukçysy hem ýaralandy

542868
Bingölde terrorçylaryň guran bombaly hüjüminde 6 polis gullukçysy şehit boldy

Bingölde aýralykçy terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň polis gullukçylaryny alyp barýan serwis ulagyna guran bombaly hüjüminde 6 polis gullukçysy şehit boldy.

Terrorçylaryň serwis ulagy geçip barýarka bomba ýüklenen ulagy ýarmaklary sebäpli 1-i agyr 3 polis gullukçysy hem ýaralandy.

Welaýat häkimi Ýawuz Selim Köşger bomba ýüklenen ulagyň türk baýdagy bilen bezelendigine ünsi çekdi.

Gaçan terrorçylaryň tussag edilmegi üçin başladylan operasiýa dowam edýär.

 



Degişli Habarlar