Çanakgalada 22 siriýaly halas edildi

Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynda gaýyklary batan 22 siriýaly halas edildi

541629
Çanakgalada 22 siriýaly halas edildi

Aralarynda zenanlar we çagalar bolan siriýalylar Aýwajyk etrabynyň Ahmetçe obasyndan gaýyklary bilen ýola çykdylar. Belli bir wagt soň gaçgaklaryň gaýyklary batmaga başlapdyr.

Batyp gelýän gaýygy gören Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri siriýalylary halas etdiler.

Siriýalylaryň halas edilmeginden gysga wagt soň olaryň gaýyklary batdy.

Küçükkuýa alynyp gidilen siriýalylar soraga çekildi, soňra bolsa olara azyk paýlandy.



Degişli Habarlar