Agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly 10 müň 192 adam tussag edildi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakynda maglumat berdi

542042
Agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly 10 müň 192 adam  tussag edildi

 

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy hakynda maglumat berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini kabul eden Premýer ministr Ýyldyrym 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynda 237 adamyň şehit bolandygyny aýtdy.

Ýyldyrym; “Synanşygy guran 34-i ýaraly jemi 49 dönük ele salyndy. Synanşyga gatnaşan 18 müň 756 adam hem göz tussaglygyna alyndy. Şolardan 4 müň 315-i polis gullukçysy, 11 müň 31-i esger, 185-i general, 1135 ofiser, 2 müň 626-sy sülçi we kazy, 95 ýolbaşçy we 689-y asuda ilat” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly 10 müň 192 adamyň tussag edilendigini aýratyn belledi.

Ýyldyrym 55 müň 978 adamyň pasportynyň elinden alynandygyny ýatlatdy.

Premýer ministr Ýyldyrym agdarlyşyk synanşygy bilen arabaglanşykly  gullukçylaryň başga ýurda gaçmaklarynyň öňüni almak üçin ýyllyk rugsatlaryň bes edilendigini emma kararyň gysga wagtda gözden geçiriljekdigini ýatlatdy.

Bnali Ýyldyrym FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşykly her bir adamdan hasap sorajakdyklaryna aýratyn ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar