Ordu welaýatynda 3 esger şehit boldy

Alynan maglumata görä çaknyşyklar dowam edýär

541657
Ordu welaýatynda 3 esger şehit boldy

Ordu welaýatynyň Mesudiýe etrabyndaky Topçam žandarma birikmesiniň golaýynda operasiýa başladan esgerere garşy PKK-ly terrorçylaryň tokaýdan od açmagy netijesinde 3 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Wakanyň bolan ýerine köp sanda goşmaça güýç ugradyldy, sebitde çaknyşyklaryň dowam edýändigi habar berildi.

Ordu welaýatynyň gubernatory Irfan Balkanlyogly waka bilen baglanşykly: “Ordu welaýatynyň Mesudiýe etrabyndaky Topçam žandarma birikmesiniň ýanynda operasiýa başladan esgerlere garşy PKK-ly terrorçylar tokaýdan od açdy. Ilkinji kesgitlemelere görä 3 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy. Çaknyşyklar dowam edýär. Goşmaça güýç wakanyň bolan ýerine iberildi. Operasiýa dowam etdirilýär” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar