Prezident Erdogan Türkiýä goldaw bermek isleýän liderler bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy Türkiýä goldaw bermek isleýän liderler  bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

539138
Prezident Erdogan Türkiýä goldaw bermek isleýän liderler bilen söhbetdeş boldy

Prezident diwanyndan alynan maglumata görä Prezident Erdogan şu gün Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň Başlygy Bakir İzzetbegowiç, Bahreýniň Şasy Hamed Bin Isa Bin Halife we BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Prezident Erdogana jaň eden liderler harby agdarlyşyk synanyşygyna garşydyklaryny, Türkiýede saýlanan hökümeti goldaýandyklaryny we bu meselede türk halkyna doly goldaw berýändiklerini bellediler.

Telefon söhbetdeşliginde liderler harby agdarlyşyk synanyşygynda agdarlyşykçylaryň ot açmagy netijesinde we garşylyk görkezilmegi netijesinde ýogalan adamlara gynanç bildirdiler.

Tunisdäki Nahda hereketiniň lideri Raşid Al-Gannuşiniň hem şol çäkde Prezident Erdogana jaň edendigi mälim edildi.



Degişli Habarlar