Jewdet Ýylmaz Fetullah Güleniň başga güýçleriň hyzmatkäridigini mälim etdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Jewdet Ýylmaz Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň başga güýçleriň hyzmatkäridigini belledi

538061
Jewdet Ýylmaz Fetullah Güleniň başga güýçleriň hyzmatkäridigini mälim etdi

TRT Habar kanalyna beýanat beren Ýylmaz Güleniň öz ýurduna, milletine garşy daşary ýurt güýçlerine daýanyp howpsyzlygny üpjün edendigini habar berdi.

Ýylmaz: “Adamlar ölüme barýan wagty Gülen bolsa howpsyz bir ýerde, daşarky güýçlere arka tutunyp dumuşyny dowam etdirmäge synanyşýar” diýdi.

Güleniň ABŞ-na ýalbarýan görnüşde “Gaýrat ediň yzyna tabşyrmaň” diýendigini ýatladan Ýylmaz Fethullah Gülene ýurduna gaýdyp gelip, adalatyň öňüne çykmaga çagyrdy.

Fetullahçy terror guramasy-Paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-niň harby agdarlyşyk synanyşygynyň aslyna garanyňda ähli ýurtlar üçin sapak bolandygyny bellän Ýylmaz: “Öz ýurdyna garşy bolan, beýleki ýurtlara garşy hem bolup biler. Onuň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryna duýdurylmaly. Olaryň başyna gelmeginden ozal öňüni alyş çärelerini görmeli” diýip belledi.



Degişli Habarlar