Ýyldyrym “The Guardian” gazetine beýanat berdi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýe bilen ABŞ-nyň uzak geçmişe eý ebolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň bardygyny beýan etdi

538164
Ýyldyrym “The Guardian” gazetine beýanat berdi

Ýyldyrym Britaniýada çap edilýän “The Guardian” gazetine beren beýanatynda, ABŞ-nyň Fetullahçy terror guramasynyň-Parallel döwlet ulgamynyň lideri Fetullah Güleni goldajakdygyna ynanmaýandygyny aýtdy.

Ýyldyrym “The Guardian” gazetiniň internet sahypasynda çap edilen söhbetdeşlikde agdarlyşyk synanşygynyň guralan gijesi barada: “Onuň millete garşy agdarlyşyk synanşygydygy netijesine geldik we milleti öz geljegine, ýurduň geljegine eýe çykmağa çagyrdyk” diýdi.

“Bu hüjümi yza serpikdirenden soň saklanan harby egin-eşik geýen adamlar boldy. Olar dessine boýun almaga başladylar. Türkçede bir söz bar: “bilbil ýaly saýradylar” diýen Ýyldyrym: “İlkinji düşündirişlerden göz ýetirişimize görä bu uzak wagtdan bäri meýilleşdirilen agdarlyşyk synanşygy we degişli çäreleri ýeke-ýekeden gördüpdirler. Baş ştabymyzyň başlygyny zamun alan wagtlary oňa, bu terror guramasynyň liderine, Fetullah Gülene telefon edip biljekdiklerini, onuň söhbedeşlik geçirmegini ýola goýup biljekdiklerini, şeýlelikde özüniň hem operasiýa goşulyp biljekdigini aýdypdyrlar” diýdi.

Güleniň ABŞ-da ýaşaýanlygy sebäpli halkyň aňynda: “Eýsem bu işe ABŞ-nyň dahyly ýa-da goldawy barmyka” diýlen soraglaryň bardygyny gürrüň beren Ýyldyrym: “Türkiýe we ABŞ uzak geçmişli dostluklykly gatnaşyklar eýe, hyzmatdaş we strategik şärik, şeýle terrpr guramasynyň liderini goldajakdygyna ynanmaýarys” diýdi.

Güleniň agdarlyşyk synanşygyna dahyllygy baradaky delonyň entek ABŞ-na ugradylmandygyny nygtan Ýyldyrym: “Ugradarys we oňa degişlidigi barada hiç hili şübhe galmaz” diýdi.

Binali Ýyldyrym: “ABŞ bu sepgitden soň özi üçin sebitde we dünýäde strategik hyzmatdaşy bolan Türkiýe bilen bähili hyzmatdaşlyk etjekdigini pikir etmeli” diýdi.



Degişli Habarlar