Erdogan bilen Putin 9-njy awgustda duşuşar

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 9-njy awgustda Russiýanyň San Peterburg şäherinde duşuşar

537718
Erdogan bilen Putin 9-njy awgustda duşuşar

Türk-rus gatnaşyklarynda täze döwrüň başlamagyndan soň geçiriljek ilkinji duşuşyk hakynda Ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji bilen Russiýanyň paýtagty Moskwada saparda bolýan Wise-premýer Mehmet Şimşek beýanat berdi.

Russiýanyň Wise-premýeri Arkady Dworkowiç bilen duşuşan Mehmet Şimşek iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hakynda beýanat berdi.

Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 9-njy awgustda Russiýanyň San Peterburg şäherinde duşuşjakdygyny aýdan Wise-premýer Şimşek, “Gatnaşyklarymyzy  24-nji noýabrdan ozalky ýagdaýyndan has-da ösdürmek isleýäris” diýdi.

Rus harby uçary 24-nji noýabrda Siriýa sergedinde türk howa giňişligine girendigi sebäpli türk F-16 kysymly harby uçarlar tarapyndan urlup düşürlipdi.

Rus uçarynyň urlup düşürilmegi sebäpli dartgynlaşan gatnaşyklar Prezident R. T. Erdogan bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky telefon söhbetdeşliginden we iki ýurduň daşary işler minisrtleriniň Garadeňiz Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynyň çäginde Russiýanyň Soçi şäherinde duşuşmagyndan soň kadalaşma etabyna giripdi.



Degişli Habarlar