Bogaziçi köprsüniň ady “15-nci iýul Şehitler köprüsü” bolar

Ýyldyrym Ministrler kabinetiniň mejlisi hakynda beýanat berdi

537670
Bogaziçi köprsüniň ady “15-nci iýul Şehitler köprüsü” bolar
boğaziçi köprüsü'ndeki askerler, polise teslim oldu

 

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Bogaziçi köprsüniň adynyň “15-nci iýul Şehitler köprüsü” hökmünde üýtgedilendigini aýtdy

Premýer ministr Ýyldyrym Stambul we Ankara şäherlerinde şehitler ýadigärliginiň açyljakdygyny belledi.

Ýyldyrym Prezident kompleksinde Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisi hakynda beýanat berdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ministrler kabinetiniň mejlisinde Žandarm we Kenarýaka howpsyzlyk serkerdeliginiň Içeri işler ministrligine birikdirilmegi üçin perman çykaryljakdygyny aýtdy.

Ýyldyrym: “Degişli düýpli özgertmeler üçin taýarlyklar dowam eder” diýdi.

20-nji iýulda döwletiň özüne yglan eden adatdan daşary ýagdaý dolanşygynda haýsydyr bir bökdençligiň bolmandygyny aýdan Premýer ministr, maksadyň Fetullahçy terror guramasyna-Parallel döwlet ulgamyna garşy göreşde gyssagly we düýpli netije almak bolandygyny nygtady.

Ministrler kabinetiniň mejlisinde Bosfor bogazy köprüsiniň adynyň mundan beýläk 15-nji iýul Şehitler köprüsi hökmünde üýtgedilmegi barada karar kabul edilendigini aýdan Premýer ministr, Stambulda we Ankara şehitler ýadygärliginiň açyljakdygyny mälim etdi.

Hyýanatçylykly synanşyk gijesinde şehit bolanlaryň hossarlary üçin döwlet banklarynda hasaplaryň açylandygyny aýdan Premýer ministr, şeýlelikde olara kömek eliniň uzadylyp bilinjekdigine ünsi çekdi.

Premýer ministr: “Agdarlyşyk synanşygy bilen döwletimizi dyza çökermek islänler ýene-de bir gezek ýalňyşdylar. Milletimiz 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin arman-ýadaman isläris” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym Ministrler kabinetiniň mejlisinden ozal Respublikan halk partiýasynyň we Milletçi hereket partiýasynyň liderleriniň gatnaşmagynda Prezident Erdogan bilen duşuşandyklaryny ýatladyp, konstitutsiýa käbir üýtgetmeleriň girizilmegi barada ylalaşandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar