Ýyldyrym: “Möhüm çäreler görüler”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym 28-nji iýulda başlajak Ýokary Harby Geňeşiň mejlisinde 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň giňden seljerilip, möhüm çäreleriň görüljekdigini aýtdy

536248
Ýyldyrym: “Möhüm çäreler görüler”

Premýer ministr Türk ýaragly güýçleriniň Goranmak ministrligine däl, Prezident dolanşygyna geçilenden soň Prezidente tabyn bolmalydygyny aýtdy.

Bu synanşyk bilen öz aýagyna badak salan generallaryň asyrlyk türk goşunynyň ybtybaryuna-da zeper ýetirendigini nygtan Premýer ministr: “Onuň hasaby soralar” diýdi.

Premýer ministr hyýanatçylykly synanşygyň guralan gijesi barada hususy teleýaýlymlardan birine beren beýanatynda möhüm maglumatlar berdi.

Bu pespäl synanşygy guranlaryň harby egin-eşikli terrorçylardygyny nygtan Ýyldyrym, raýatlardan beýleki ofiserlere sarpa goýmaklaryny isledi.

Binali Ýyldyrym 15-nji iýul gijesi öz ulagyna-da hüjüm guralandygyny aýtdy.

Premýer ministr Stambuldan Ankara gara ýoly bilen gelýärkä ulagyna žandarm tarapyndan hüjüm edilmegi sebäpli ugrugyny üýtgedip, gijäni Ylgaz etrap häkiminin öýünde geçirendigini aýtdy.

“Mundan beýläk ähli zat ýaňadandan seljerilmeli. Ähi çäreler görüler. Bu tapgyr başdan geçirilen ýalňşlyklaryň ýüze çykarylyş, olara çäre görüş tapgyry. Düýpli çäreler görüler” diýdi.

Žandarm Baş serkerdeliginiň dolulygyna İçeri işler ministrligine tabyn boljakdygyny, Çankaýa köşkünde Harby goragçy toparynyň bolmajakdygyny aýdan Ýyldyrym: “Täze permanlar çykarylar” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym, döwlet haýryna geçirilen mekdeplere we gaznalara şehitleriň adynyň dakyljakdygyny habar berdi.

Ýyldyrym ykdysady çökgünlik myş-myşlarynyň gara propogandadan ybaratdygyny, Merkezi bankyň walýuta ätiýajynyň artandygyny nygtady.



Degişli Habarlar