Prezident Erdogan köçelerdäki millionlarça raýata ýüzlenip çykyş etdi

Prezident R.T.Erdogan 15-nji iýul harby agdarlyşyk synanşygynyň hökümete, millete we Türk ýaragly güýçlerine garşy guralandygyny aýtdy

536221
Prezident Erdogan köçelerdäki millionlarça raýata ýüzlenip çykyş etdi

Prezident Erdogan: “15-nji iýul ýaragly agdarlyşyk synanşygyny imany bilen yza serpikdiren eziz milletim! Raýatlarymyza we dönükleri derbi-dagyn eden howpsyzlyk güýçlerimize minnetdarlygymy bildirýärin” diýdi.

Meýdanlarda sagçy-çepçi, şaýy-sünni däl, eýsem Azat edijilik urşunda bolşy ýaly bütin Türkiýäniň, milletiň ählisiniň jemlenendigini nygtan Erdogan, geljeginiň, hakynyň we azatlyklarynyň, demokratiýanyň ýanynda durandygyny üçin hemmelere sagbolsun aýtdy.

Aziýadan Afrika çenli goldawlaryny beýan eden ähli ýurtlara sagbolsun aýtdyp, wakanyň başdan geçirilen gijesinde şehit bolanlara alladan rehnet, ýaralananlara şypa dilän Prezident, daşary ýurtlardaky raýatlaryň goşan doşantlaryynň hem ýatdan çykarylmaly däldigini nygtady.

Maýa goýumlaryň we taslamalaryň dowam etjekdigini, maliýe düzgüninden egilşik edilmejekdigini, 2023-nji ýyla çenli bolan döwür üçin goýlan maksatlara ýetmek üçin arman-ýadaman işlenjekdigini beýan eden Prezidenti Erdogan: “Şonuň üçin hyýanatçy garakçylary herekete geçirýärler. PKK belasynyň, Siriýada PÝD-niň döredilmeginiň, DAEŞ-iň ýurdumyza musallat edilmeginiň, harby egin-eşikli terrorçylaryň guran hüjümleriniň sebäbi hem ine şular” diýdi.

Türkiýäniň raýatlaryny bombalan dönüklere degişli jezany berjek gudratynyň bardygyna ünsi çeken Prezident Erdogan, şehitleriň ganynyň ýerde galmajakdygyny kepillendirdi.

“Operasiýalar üstünlikli dowam edýär” diýen Prezident Erdogan halka “Türkiýäniň geljegi şu günkiden has güýçli bolar” diýdi.

Operasiýa bilen bagly soňky görkezijileri-de beýan eden Prezident 8,883 esgeriň, 2,101 sudýadyr kazynyň, 1,485 polisiň, 52 sany dolandyryjy ýolbaşçynyň, 689 raýatyň jemi 13,165 adamyň saklanandygyny, 123 sanysy general 5,863 adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilmeginden soň durmuşa geçirilen işler barada-da maglumat beren Erdogan, tussaglyk möhletiniň 4 günden 1 aýa ýetirilendigini, Fetullahçy terror guramasyna agza döwlet gullukçylarynyň wezipelerinden çetleşdirilmäge başlanandygyny, mekdepleriň, umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň ýapylandygyny, emläkleriniň döwlet haýryna geçirilendigini nygtady.

Erdogan döwlet işinden boşadylanlaryň, ikinji gezek döwlet işine alynmajakdygyny hem beýan etdi.



Degişli Habarlar