Erdogan Lozanna Ylalaşygynyň 93 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan ýüzlenmesinde: “Milletimiziň dürli taraplardan gelen hyýanatçylykly synanşyga garşy asylzada we egilşiksiz göreşi geljekde ýurdumyzyň demokratiýa, azatlyklar we ösüş ýolunda öňe gitjekdiginiň iň açyk delilidir” diýdi

536408
Erdogan Lozanna Ylalaşygynyň 93 ýyllygy mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan milli ygtyýaryň we demokratiýanyň başda durmagynda Türkiýe Respublikasynyň eýe bolan başlangyç ýörelgeleriniň gymmatynyň şu günlerde has gowy bilinýändigini nygtady.

Erdogan: “Eziz milletimiz öz saýlan wekilleri arkaly peýdalanýan ygtyýaryna ýönelen ähli agdarlyşyk synanşygyna garşy azat edijilik ruhy bilen jebis, agzybir we arkalaşykly ýagdaýda jogap berjekdigini başdan geçirilen soňky wakalar bilen ýene-de bir gezek görkezdi” diýip belledi.

Lozanna Parahatçylyk ylalaşygynyň Respublikanyň esaslandyryş namasydygyny beýan eden Prezident Erdogan: “Eziz milletimizin ynanç, batyrgaýlyk we pidakärlik bilen gazanan ýeňişi Lozanna ylalaşygy bilen diplomatiýa hem-de halkara hukuk ulgamy taýdan ykrar edildi. Bu ylalaşyk täze gurulan döwletimiziň döwletnamasydyr” diýdi.

Erdogan geçen 93 ýylda ykdysady taýdan Ýewropanyň 6-njy, dünýäniň 17-nji ýurduna öwrülen Türkiýe Respublikasyny 2023-nji ýyla çenli döwür üçin goýlan maksatlaryny durmuşa geçirmekden, 2053-nji, 2071-nji ýyl üçin meýilnamalaryna tarap okgunly ösmekden hiç kimiň mahrum edip bilmejekdigini nygtady.



Degişli Habarlar