Synanşygykdan soň gozgalan derňew işiniň çäginde 45 müň 484 gullukçy wezipesinden çetleşdirildi

Derňew işiniň çäginde 954 adam wezipesinden boşadyldy

535749
Synanşygykdan soň gozgalan derňew işiniň çäginde 45 müň 484 gullukçy wezipesinden çetleşdirildi

15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygyndan soň gozgalan derňew işiniň çäginde 45 müň 484 gullukçy wezipesinden çetleşdirildi

Derňew işiniň çäginde 954 adam wezipesinden boşadyldy.

Milli bilim ministrliginde FETÖ bilen arabaglanşykly 21 müň 738 adam adam wezipesinden çetleşdirildi.

Ylym, senagat we tehnalogiýa ministrliginde 560, Ykdysadyýet ministrliginde 15, Maşgala we sosýal syýasatlar ministrliginde 599 adam wezipesinden çetleşdirildi.

Milli goranmak ministrligi tarapyndan hem 262 harby kazy we sülçi wezipesinden çetleşdirildi.

Türkiýäniň hasabat guramasynda 21 we Galkynyş ministrliginde 82 adam wezipesinden çetleşdirildi.

Köpçülikleýin ýaşaýyş jaý edarasy TOKİ-de 22, Gaznada 62 adam derňew işiniň çäginde wezipesinden çetleşdirildi.

TÜRKSAT-da hem 29 adamyň iş şertnamasy bes edildi.

Aragatnaşyk, deňizçilik we transport ministrliginde wezipesinden boşadylanlaryň sany 529, Tokaý we suw hojalygy ministrliginde 197, Maglumat tehnalogiýalary guramasynda bolsa 170 adama ýetdi.

TRT-de 300, RTÜK-de bolsa 26 adam derňew işiniň çäginde wezipesinden çetleşdirildi.

Daşky gurşaw we tokaýçylyk ministrliginde bolsa 70 adam wezipesinden boşadyldy.

 

 

 



Degişli Habarlar