Prezident Erdogan: “Berk duruň!” diýdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan halka berk durmaklyk barada çagyryş berdi

535220
Prezident Erdogan: “Berk duruň!” diýdi

Prezident Erdogan jumga namazyndan soň halka ýüzlenip: “Bu pozisiýamyz dowam eder. Berk duruň. Ýeňiş şübhesiz ynananlaryň tarapyndadyr” diýdi.

Türkiýäniň Prezidenti 15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk barada durup geçip: “Gula gul bolanlar Pensilwaniýada. Ol şu wagtam utanman bu millete dil ýetirýär” diýip nygtady.

Erdogan ýüzlenmesini şu sözler bilen dowam etdirdi: “Bir hepde geçdi. Siz millet bolup öňüni aldyňyz. Siza çagyryş berdim, meýdanlara ýöräliň diýdim. Meýdançalara ýörediňiz. Size garşy uçarlar ulanyldy, taňklary ulandylar, emma siz halkyň güýji hökmünde ähli tehnologik enjamlary duzdurdyňyz. Olar poslan ýürekleri bilen ýörediler, siz bolsa imanly ýürekleriňiz bilen  olary duzdurdyňyz we yzlaryna serpikdirdiňiz. Bu ýörişiňizi size soňky gezek duýdurylýança çenli dowam etdirersiňiz. Biz diňe rüguhda egileris, Allaň ýolunda. Gula gul bolanlar Pensilwaniýada. Ol şu wagtam utanman bu millete dil ýetirýär. Şu wakada meniň raýatym hormat goýmaýan, utanmaýan, bu derejesizlere dik durup jogabyny berdi. Bu pozisiýamyz dowam eder. Berk duruň. Şübhesiz ýeňiş ynananlaryň tarapyndadyr. Alla bize goldaw bersin. Dik durýarys, diňe Allaň huzurynda egilýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar