FETÖ garşy operasiýalar dowam edýär

FETÖ-niň 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýäniň çar tarapynda giň gerimli operasiýalar başladyldy

533731
FETÖ garşy operasiýalar dowam edýär

Milli howpsyzlyk ministrligi harby kazyýetdäki ähli harby sudýalar barada derňew işiniň başladylmagy üçin görkezme berdi.

Şol çäkde wezipesinden çetleşdirilen 262 sany harby sudýadan we kazydan 63 sanysy tussag edildi.

2, 843 sudýa we kazy, Konstitutsion kazyýetiň 2, Ýokary kazyýetiň 140 we Döwlet geňeşiniň 48 agzasy hakynda-da derňew işi başladyldy.

Şolaryň 979 sanysy saklandy, 180 sanysy kazyýet gözegçiliginde boşadyldy.

Agdarlyşyk synanşygy sebäpli häzirki wagta çenli 118 general we admiral hem saklandy.

Şolaryň bir bölegi sorag edilýär, bir bölegi kazyýete ugradyldy.

Ýokary Bilim Geňeşinin islegine laýyklykda ähli döwlet we hususy uniwersitetlerdäki jemi 1577 dekan wezipesinden çekildi.

Geňeş ikinji görkezmä çebli Türkiýede ylmy işgärleriň daşary ýurtlara ugradylmagyny gadagan etdi.

Şol sanda daşary ýurtlarda ylmy barlag geçirýän alymlaryň şertleri seljerilip, mejbury bolmadyklarynyň gysga möhlet yzyna çagyrylmaklary islendi.

Mejlisde-de ýokary derejeli 8 ýolbaşçy wezipesinden boşadyldy, iki ýoşlbaşçynyň bolsa wezipeleri çalyşyldy.

Milli bilim ministrliginde ýene-de 6,538 personal wezipesinden çetleşdirildi.

Beýleki tarapdan Milli bilim ministrligi tarapyndan, ministrlige tabynlykda iş alyp barýan we “Konstitutsion ulgama we onuň dolanşygyna garşy jenaýatlar” boýunça 524 hususy mekdep we 102 edara barada derňew işini başladyldy.

Ýaşlar we sport ministrliginde 245, Daşky gurşaw we şäher-gurluşyk ministrliginde 70 adam wezipesinden boşadyldy.

Din işler guramasynda-da wezipeden boşatmalar dowam etdi.

Üç welaýatyň müftisi, bir departamentiň başlygy, guramanyň başlygynyň geňeşçilerinden biri we dürli wezipelerdäki 492 adam wezipesinden boşadyldy.

Premýer ministrlikdäki wezipeden boşatmalar we tussag etmeler hem dowam edýär.



Degişli Habarlar