Erdogan “Al Jazira” telaýaýlymyna interwýu berdi

Prezident R.T.Erdogan 15-nji iýul agşamy FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygyny garyndaşy habar berende, oňa ynanmak islemändigini aýtdy

533815
Erdogan “Al Jazira” telaýaýlymyna interwýu berdi

Erdogan: “Soň Milli howpsyzlyk guramasyndan we başga çeşmelerden hem agdarlyşyk habarlar gelip gowuşdy. Elbetde dessine degişli çäreleri gördük” diýdi.

“Al Jazira” teleýaýlyma interwýu beren Prezident 15-nji iýul agşamy başdan geçirilenler barada maglumat berdi.

Erdogan habaryn dogrydygyny öwrenen badymyza türk halkyndan demokratiýa eýe çykmagyny isländigini gürrüň berdi.

Erdogan bu çagyryşyndan soň on müňlerçe adamyň Türk ýaragly güýçleriniň düzümindäki kiçi toparyň agdarlyşyk synanşygyna garşy köçeleri gorandygyny aýtdy.

Erdogan halkyň şol agşam deňi-taýy görülmedik jebislikde hereket edilendigini nygtap, egin-egine bolunan halatynda tanklaryň netije alyp bilmejekdigini aýtdy.

Türkiýede hukugyň üstünliginiň bardygyny ýatladan Prezident kazyýet organlarynyň borjuny berjaý edýändigini, agdarlyşyk synanşygynyň jenaýatdygyny we ony edenleriň jezasyny çekmelidigini aýtdy.

Prezident Erdogan ölüm jezasynyň ýaňadandan dikeldilmegi bilen bagly soragai bu karary kabul etmäge özüniň ygtyýarynyň ýokdugyny beýan etdi.

Erdogan: “Halk bu talaby beýan etdi. Emma karary Mejlis berer. Meniň öňüme gelen halatynda tassyklaryn, diýdim. Dünýä ÝB-den ybarat däl. ABŞ-da, Russiýa, Hytaýda ölüm jezasy bar. Dünýäniň köp sanly ýurdunda bar” diýdi.

FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň gaýtarylyp berilmegi üçin ähli resminamalaryň ABŞ-na berilendigini ýatladan Prezident Erdogan, Amerikan kazyýetiniň kararyna garaşýandygyny aýtdy.

Erdogan: “Güleniň terror guramasynyň üstünde-de ýokary geňeş bar” diýdi we agdarlyşyga goldaw beren başga ýurtlaryň bolup biljekdigini nygtady.

Erdogan, 24-nji noýabrda rus uçaryny urup düşüren 2 uçarmanyň saklanandygyny nygtap: “Pensilwaniýa bilen şol uçarmanlaryň arabaglanşygy bolup biler. Ony kazyýet anyklar. Biziň elimizde rus uçary bilen ýa-da onuň urlup düşürilmegi bilen bagly maglumat ýok” diýdi.

Prezident “Janyňyza howp abanýarmy” diýlen soraga bolsa, “haýsydyr bir aladam ýok” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar