Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Al Suud Türkiýäniň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we howpsyzlygynyň sebit ýurtlary taýdan diýseň möhümdigine ünsi çekdi

531502
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Prezident R. T. Erdogan Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz Al Suud bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Saud Arabystanynyň Şasy telefon söhbetdeşliginde 15-nji iýulda başdan geçirlen harby agdarlyşyk synanşygy üçin Prezident Erdogana we türk halkyna geçdigi bolsun dileglerini beýan etdi.

Türkiýede saýlaw arkaly iş başyna gelen hökümete goldaw berýändiklerini aýdan Salman Bin Abdulaziz Al Suud Türkiýäniň parahatçylygynyň, durnuklylygynyň we howpsyzlygynyň sebit ýurtlary taýdan diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan hem Saud Arabystanynyň Şasyna Türkiýä berýän goldawlary sebäpli öz minnetdarlygyny bildirdi.

 



Degişli Habarlar