Erdogan: “Ölüm jezasy TBMM-de kabul edilen halatynda men hem tassyklaryn”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Türkiýäniň Beýik millet mejlisinde ölüm jezasynyň kabul edilen halatynda özüniň hem tassyklajakdygyny mälim etdi

532155
Erdogan: “Ölüm jezasy TBMM-de kabul edilen halatynda men hem tassyklaryn”

Prezident Erdogan CNN International kanalyna interwýu berdi.

Erdogan Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygy barada durup geçip: “Aýdyň ýagdaýda watana dönüklik günäsi bar. TBMM ölüm jezasyny kabul etse, kanuny men hem tassyklaryn” diýip habar berdi.

R.T. Erdogan mundan başgada FTG-nyň lideri Fethullah Güleniň ABŞ tarapyndan Türkiýä tabşyrylmagy bilen baglanşykly talabyň 1-2 günüň içinde bildiriljekdigini belledi.



Degişli Habarlar