Erdogan Obamadan FETO terror guramasynyň ýolbaşçysyny tabşyrmagyny isledi

Prezident R.T. Erdogan Obamanyň Fethullahçy terror guramasy FETO-nyň Pensilwaniýada ýaşaýan ýolbaşçysyny Türkiýä tabşyrmagyny isledi

530820
Erdogan Obamadan FETO terror guramasynyň ýolbaşçysyny tabşyrmagyny isledi

Stambuldaky kabulhanasynyň öňünde jemlenen halka ýüzlenip çykyş eden Erdogan Obama: “Eger biz strategik hyzmatdaş bolsak, bu talabymyzy ýerine ýetiriň” diýdi.

Prezident Erdogan agdarlyşyga synanşanlaryň Türk ýaragly güýçleriniň düzümindäki urdygyny we indi onuň saplanandygyny nygtap, olary tussag etmek barada karar kabul eden kazyýet organlaryna hem sagbolsun aýtdy.

Erdogan: “Türkiýäniň beýgelmegini görübilmezçilik edýän ýokary güýçleriň operasiýasy” hökmünde häsýetlendiren agdarlyşyk synanşygynyň halkyň meýdanlara çykmagy netijesinde öňünin alynandygyny nygtady.

Prezident Erdogan: “halky Türk ýaragly güýçlerine garşy durmaga synanşan içerden goldanan daşarky güýçleriň duzagyna düşmezlige” çagyryp, “bilelikde ýagty geljege tarap ýöremäge” çagyrdy.

Prezidenti Erdogan: “Bu ýurdy 4-5 terrorça bermeris” diýdi.



Degişli Habarlar