Erdogan: “Fetullahçy terror guramasynyň watan aladasy ýok”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan TBMM-ni we Prezident kompleksini bombalaýan Fetullahçy terror guramasynyň watan aladasynyň ýokdugyny belledi

531342
Erdogan: “Fetullahçy terror guramasynyň watan aladasy ýok”

Zarba salmak isleýän terrorçylara garşy jebis bolmalydygyny bellän Erdogan: “Ýurdumyzy olara hiç wagt bermeris” diýdi.

Prezident Erdogan Stambuldaky öýüniň öňünde ýygnanan adamlaryň öňünde çykyş etdi.

Howpsyzlyk güýçleriniň operasiýalarynyň ençeme ýerde dowam edýändigini aýdan Erdogan ABŞ-nyň hökümetine FETO guramasynyň ýolbaşçysynyň tabşyrylmagy üçin çagyryş berdi.

Erdogan özüni diňleýan raýatlaryň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanyşygyna gatnaşan adamlara ölüm jezasynyň berilmegi barada bildiren talabyna bolsa: “Bu meselede hökmany ýagdaýda bir karara geleris. Bu talabyňyzy hökümet hökmünde we döwlet hökmünde bilýäris. Siziň bu talabyňyzy ýok diýip hasap etmeris. Demokratiýalarda halk näme diýýän bolsa şol hem bolýar. Bu meselä hökümetimiziň oppozisioner partiýalar bilen geçirjek gepleşiklerinde çözgüt tapylar” diýip belledi.

Adamlaryň köçelerden aýrylmazlyklaryny islän Prezident köçeleriň we meýdançalaryň boş goýulmazlygyny isledi.



Degişli Habarlar