Baş ştab harby agdarlyşyk synanşygyndan soň ilkinji gezek resmi ýagdaýda beýanat berdi

“Döwletiň we beýik milletimiziň tabynlygyndadyrys” diýilýän beýanatda: “Dönükler maksadyna ýetmezden ozal täsirsiz ýagdaýa getirildi. Dönükleriň öňüniň alynmagynda iň uly orun eýelänler beýik milletimizdir” diýip bellenýär

531274
Baş ştab harby agdarlyşyk synanşygyndan soň ilkinji gezek resmi ýagdaýda beýanat berdi

Beýanatda: “2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda agşam Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň çäginde ýygnanan bikanun topar agzalary bolan terrorçy toparlaryň aksiýalary Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň gahryman agzalarynyň göni garşylyk görkezmegi we gahryman howpsyzlyk güýçlerimiziň şol mesele babatynda görkezen reaksiýasy bilen ýüze öwrüldi we dönükler maksatlaryna ýetmeden ozal täsirsiz ýagdaýa getirildi. Harby agdarlyşyk synanyşygynyň edil yz ýanyndan bolýan wakalara göz ýetiren halkymyz özünden çykan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň hakyky agzalaryny goramak we demokratik hukuk ulgamymyza salynmak islenen zarbanyň öňüni almak maksady bilen köçelere çykdylar we şol dönüklere iň gowy jogaby we iň uly dersi berdiler. Harby agdarlyşyk synanyşygyň öňüniň alynmagynda iň uly orun eýelänler beýik milletimizdir. Bikanun toparyň agzalary häzirki wagtda täsirsiz ýagdaýa getirildi we olar hukuk ulgamynyň çäginde iň agyr ýagdaýda jezalandyrylar” diýilip bellenýär.



Degişli Habarlar