4 Partiýa bilelikde jarnama kabul etdi

Mejlisiň Baş Assambleýasynda 4 partiýa tarapyndan kabul edilen jarnama okaldy

530799
4 Partiýa bilelikde jarnama kabul etdi

Mejlisiň Başlygy İsmail Kahraman tarapyndan okalan tekst şeýle: “Bz Adalat we ösüş partiýasynyň, Respublikan halk partiýasynyň, Milletçi hereket partiýasynyň we Halklaryň demokratik partiýasynyň toparlary bolup, eziz milledimiziň özüne, milli ygtyýara, döwledimize, esasanda millediň ygtyýarynyň wekilleri bolan halk deputatlaryna we Gahryman Mejlise garşy 15-nji iýul gijesinde başladylan we 16-nji iýul ir ertir yza serpikdirilen harby agdarlyşyga synanşygy hem-de Mejlise guralan hüjümleri berk ýargarýarys.

Milletimiz agdarlyşygyň öňünde durdy we pajygaly agdarlyşyk synanşygynyň öňi alyndy. Türkiýe Respublikasy we onuň düzümlerini janyny orta goýup goran bu eziz millet ähli öwgä laýykdyr. Bu ugurda janlaryny beren şehitlerimize bütin millet minnetdar we gahryman Mejlisiň wekilleri hökmünde milletimiziň beren ygtyýary bilen bombalaryň hem-de gülleleriň aşagynda wezipesini berjaý edip, ýene-de bir gezek milletimize laýykdygyny subut etdi. Mejlisimiz ýek ýürek, ýek ýumruk bolup, agdarlyşyga garşy uly batyrgaýlyk görkezdi.

“Mejlisiň agdarşylyk synanşygyna garşy eýelän pozisiýasy diýseň möhüm.”

Mejlisiň harby agdarlyşyk synanşygyna garşy eýelän pozisiýasy demokratiýanyň has-da kämilleşmegi taýdan diýseň möhüm. Hemmeler şuny bilsin: şu gün bolşy ýaly geljekde-de milletimize, milli ygtyýara, gahryman Mejlise uzadyljak el Mejlisiň polat ygtyýaryna sezewar bolar. Mejlis milletin demokratiýa bolan ümmülmez ynamyny gorap saklamak üçin elinden gelen tagallany eder. Mejlisimizdäki ähli syýasy partiýalaryň toparlarynyň agdarşylyk synanşygyna bilelikde garşy durup, pozisiýa eýelemekleri taryha geçer. Bu umumy çemeleşme milli ygtyýary we milletimizi hasam güýçlendirer. Mejlis wezipesiniň başynda we milletiň Mejlisi, mellete we onuň özygtyýarlylygyna garşy bu hüjüme synanşanlara hukuk çäginde jezasyny berer. Türkiýede hiç zadyň ozalkysy ýaly bolmajakdygynyň iň anyk subutnamasy bilelikdäki jarnamadyr. Dört partiýanyň tapawutly garaýyşlary bar hem bolsa, ählimiz halk deputatlarymyz bilen, ähli guramalarymyz blen milli ygtyýaryň ýanynda durmaga dowam ederis. Milletimiz rahat bolsun.

Demokratik reaksiýa çägini aşan, ýurdumyza gelişmeýän çaknyşyklardan daşda durulmagyny halkymyzdan haýyş edýäris. Şehitlerimizi hormat, minnet we rehnet bilen hatyrlaýarys. Ýaralylarymyza şypa dileýäris, milletimize geçdigi bolsun diýýäris. Türkiýäniň ýanynda duran goldaw ýüzlenmelerini ugradan ähli dost we dogan ýurtlara ýalkymly salam!

Gollar:

  • Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy İsmail Kahraman
  • Adalat we ösüş partiýasynyň mejlis toparynyň başlygy Binali Ýyldyrym
  • Respublikan halk partiýasynyň mejlis toparynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly
  • Milletçi hereket partiýasynyň partiýasynyň mejlis toparynyň başlygy Dewlet Bahçeli
  • Halklaryň demokratik partiýasynyň partiýasynyň mejlis toparynyň başlygy İdris Baluken


Degişli Habarlar