Syýasy partiýalaryň halk deputatlary Mejlisde jemlendiler

Yza serpikdirilen harby agdarlyşyk synanşygyndan soň Mejlis nobatdan daşary jemlendi

530760
Syýasy partiýalaryň halk deputatlary Mejlisde jemlendiler

Syýasy partiýalaryň halk deputatlary Mejlisde jemlendiler

Yza serpikdirilen harby agdarlyşyk synanşygyndan soň Mejlis nobatdan daşary jemlendi

         Mejlisiň Başlygy İsmail Kahramanyň şehitler üçin hormatly dymyşlyk edilmeginden we döwlet senasynyň ýerine ýetirilmeginden soň, galan sekiz bendi goşgy görnüşinde okamagy duýguly pursatlaryň başdan geçirilmegine sebäp boldy.

         Soň Baş Assambleýa ýüzlenip çykyş eden Kahraman “düýn agşamdan bäri iňňän dartgynly, pajygaly, gussaly sagatlary başdan geçirdik” diýip başlan sözlerini: “indi milletimiz ýek ýumruga öwürldi” diýip dowam etdirmegi, halk deputatlarynyň güýçli el çarpmalaryna sebäp boldy.

         Milletiň jebisliginiň şeýle dowam etmegini arzuw eden İsmail Kahraman, bu pajygany başdan geçirdenleriň laýyk bolan jezany aljakdyklaryny nygtady.

Kahraman: “Bu döwlet terrorydyr. Başdan geçirilen synanşyk netijeli bolmaly. Döwlet bu wakanyň jogapkärleriniň we onuň içerki hem-de daşarky hemaýatkärlerini ýüze çykarar. Ol hukuga laýyklykda ýerine ýetiriler” diýdi.

         Nobatdan daşary maslahat Mejlisde topary bolan 4 partiýanyň: Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Binali Ýyldyrymyň, Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdaroglynyň, Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeliniň we Halklaryň demokratik partiýasynyň Mejlis toparynyň başlygynyň orunbasary İdris Balukeniň çykyşlary bilen dowam etdi.

         İlkinji bolup çykyş eden Premýer ministr Binali Ýyldyrym sözlerine demokratiýa eýe çykan türk halkyna sagbolsun etmek bilen başlady.

         Mejlisiň iň agyr, iň uzak we gussaly gijesini başdan geçirendigini aýdan Premýer ministr, agdarlyşyk synanşygyny edenleriň esger däl, esger gylykly terrorçylar, ganhorlardygyny aýtdy.

         Ýyldyrym: “Gözlerine gan çaýylypdy. Akyl-huşlary ýerinde däldi. Emma şuny bilmeýärdiler. Milletiň öýüne degeniň eli ýanar. Entek 24 sagat geçmänkä elleri ýandy. Agdarlyşyga synanşanlar hiç haçan baýnamady. Mundan soň hem şeýle bolar. Hiç kim mundan soň milletiň ygtyýaryna el uzatmaga het edip bilmez” diýdi.

         Demokratiýa edilen bu hüjümi ýazgarýandyklaryny aýdan Kylyçdarogly bolsa: “Bu mejlis demokratiýany soňuna çenli gorar” diýdi.

         Soň münbere çykan Milletçi hereket partiýasynyň başlygy Dewlet Bahçeli, 96 ýyllyk Mejlisiň bombalanmagyny elhenç waka hökmünde häsýetlendirdi.

         “Bu pespäl synanşyk, garaňky agdarlyşyk synanşygy ýurdumyzy haosa boýun syndyrmagy maksat edindi. Agdarlyşyga synanşyk terrorçylykly hüjümdir” diýen Bahçeli, demokratiýanyň eňňidiň gyrasyndan gaýdandygyny nygtady.

         Milli ygtyýara çalynmak islenen gara tegmiliň millediň berkararlylygy bilen yza serpikdirilendigini nygtan Bahçeli: “Döwlet, baýdak, dil, watan ýekedir. Raýatlarymyza gülle atan agdarlyşykçylary berk ýazgarýaryn. Milli geljegimiz we kepilligimiz demokratiýadyr” diýdi.

         Döwlet Bahçeliden soň söz alan Halklaryň demokratik partiýasynyň Mejlis toparynyň başlygynyň orunbasary İdris Baluken agdarlyşygyň panzäheriniň parahatçylyk we demokratiýadygyny aýtdy.

         Agdarlyşyga synanşygy ýazgarýandygyny aýdan Baluken, ähli syýasat düzümleriniň Türkiýä parahatçylyk we abadançylyk getirmegi üçin üssüne düşýän borjy berjaý etmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar