Erdogan: “Siriýalylar TOKİ-niň ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirilip biliner”

Prezident R.T.Erdogan siriýalylara raýatlyk berilmegi baradaky garaýyşyny ýene-de bir gezek gaýtalap, olaryň Umumy ýaşaýyş jaý edarasy (TOKİ) tarapyndan gurlan binalara ýerleşdirilip bilinjekdigini aýtdy

526804
Erdogan: “Siriýalylar TOKİ-niň ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirilip biliner”

Erdogan NATO-nyň Polşada geçirilen liderler maslahatyndan gaýdyşyn metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Şu günki günde türklerden biri Germaniýanyň ýa-da Amerikanyň raýaty bolup bilýän bolsa, şeýle şertiň Türkiýede bosgunlykda ýaşaýan siriýalylar üçin hem döredilip bilinjekdigini nygtan Prezident Erdogan, siriýalylaryň bu sebitde uzak ýyllardan bäri dostluk, doganlyk we garyndaşlyk gatnaşyklarynda ýaşandygyna ünsi çekdi.

Siriýalylara raýatlyga kabul edilmeginiň Türkiýe ýaly uly ýurt üçin kynçylyk döretmejekdigini hem nygtan Prezident Erdogan: “Bu millet häzirki wagtda 70 million ilaty bilen 780 müň inedördül metr territoriýada ýaşaýar. Biziň ýarymyz ýaly Germaniýada bolsa 85 million ilat ýaşaýar. Şeýlelikde biz bu meseläniň hötdesinden arkaýynlyk bilen gelip bileris” diýdi.

Bosgunlaryň uzak ýyllaryň dogamynda lagerlerde ýaşadylyp bilinmejekdigini hem aýdan Prezident Erdogan: “TOKİ-de boş öýler bar. Biz mesheti türklerine Erzinjanda nähili ýaşaýyş jaýlaryny beren bolsak, olar karzyna beriler we tölener, biz olara hem bellir bir ýerleşdiriş hem-de iş üpjünçiligi syýasaty arkaly meseläni çözüp bileris” diýdi.

Ekstremist terror guramasy PKK-nyň “Bahoz Erdal” lakamly ýolbaşçysy Fehman Hüseýiniň öldürilendigi baradaky habarlary tassyklamak üçin derňew işiniň dowam edýändigini aýdan Erdogan: “Bize gelip ýeten maglumatlar hem şeýle. Siriýa tarapynda 14 adamlyk topary bilen birlikde öldürilendigi barada maglumat bar” diýdi.



Degişli Habarlar