Wanda obanyň goragçysy bilen esger şehit boldy

Wakada şeýle hem 10 esger ýaralandy

526334
Wanda obanyň goragçysy bilen esger şehit boldy

Wan welaýatynyň Erjiş etrabynda PKK-ly terrorçylaryň Žandarma birikmesine bomba ýüklenen ulag bilen guran hüjüminde 1 esger bilen obanyň 1 goragçysy şehit boldy, 10 esger ýaralandy.

Sebite köp sanda tiz kömek ulagy ugradyldy.

Ýaralananlar Erjiş döwlet hassahanasynda bejergi astyna alyndy.

Beýleki tarapdan Agry welaýatynda howpsyzlyk güýçleri bilen PKK-ly terrorçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar