Şyrnakda bir esger şehit boldy

Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etrabynda PKK-ly terrorçylaryň guran hüjüminde 1 esger şehit boldy

522987
Şyrnakda bir esger şehit boldy

Alynan maglumata görä PKK-ly terrorçylar etrabyň Içeri işler müdürligine, etrabyň Žandarma güýçlerine we ofiserleriň ýaşaýyş ýerlerine uzyn nilli ýaraglar we granatomýotlar bilen hüjüm guradylar.

Hüjümde ýaralanan 1 esger alynyp gidilen hassahanada halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Hüjümden soň terrorçylaryň tussag edilmegi üçin sebitde giň-gerimli operasiýa başladyldy.



Degişli Habarlar