Ömer Çelik terrorçylykly hüjümlere garşy umumy tutumyň alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi

Ömer Çelik özara duşuşykdan soň beren beýanatynda terrorçylykly hüjümlere garşy umumy tutumyň alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi

521438
Ömer Çelik  terrorçylykly hüjümlere garşy umumy tutumyň alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi

ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik terrora garşy umumy tutum alnyp barylman halatynda hüjümleriň dowam etjekdigini aýtdy.

Ömer Çelik Belgiýanyň paýtagty Brýussele guran saparynyň çäginde  Belgiýanyň Daşary işler ministri we Wise-premýer Didier Reýnders bilen duşuşdy.

Ömer Çelik özara duşuşykdan soň beren beýanatynda terrorçylykly hüjümlere garşy umumy tutumyň alnyp barylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

“Stambulda, Brýusselde, Londonda, Berlinde ýada başga bir şäherde  we haýsy terror guramasy tarapyndan guralandygyna garamazdan terrora garşy tutanýerli tutum alyp barmalydyrys”diýdi.

ÝB ministri Ömer Çelik ÝB-niň Stambulda guralan terrorçylykly hüjümi näletländikleri we Türkiýä beren goldawlary üçin Reýnderse öz minnetdarlygyny bildirdi.

Belgiýanyň Daşary işler ministri Reýnders hem “Terrora garşy göreşde türk halkyna goldaw berýäris. Türkiýäniň ýolbaşçylary bilen terrora garşy hyzmatdaşlarymyz dowam eder” diýdi.

 



Degişli Habarlar