Kyryklarelinde 22 gaçgak tussag edildi

Türkiýäniň Kyryklareli welaýatynda bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän 22 gaçgak tussag edildi

519917
Kyryklarelinde 22 gaçgak tussag edildi

Alynan maglumata görä Demirköý Žandarma güýçleri bikanun ýollar bilen daşary ýurda gitmek islän 2 aýry toparyň bardygyny anyklady.

Žandarma güýçleri tarapyndan guralan operasiýada Owganystanyň raýatlary bolan 22 gaçgak tussag edildi.

Gaçgaklar Žandarmadaky işlerden soň Kyryklarelindäki Migrasiýa gullugyna iberildi.



Degişli Habarlar