Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan bilen Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeş boldylar

520757
Erdogan we Putin telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Prezident diwanyndan berilen maglumata görä telefon söhbetdeşligi örän pozitiw ýagdaýda geçdi.

Erdogan we Putin telefon söhbetdeşliklerinde Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň ähmiýeti we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýaňadandan ösdürilmegi üçin mundan soň ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşlikde mundan başgada syýasy, ykdysady we adamzat krizislerine garşy hyzmatdaşlyk edilmeginiň wajypdygy bellendi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Türkiýä garşy syýahatçylyk çäklendirmesiniň ortadan aýrylmagy barada buýruk berdi.

Putin söwda gatnaşyklary hem öz içine alýan ençeme ugurda Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin ýolbaşçylara görkezme berdi.



Degişli Habarlar