Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar

Gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşykdan soň iki ýurduň arasynda agybirlik şertnamsyna gol çekildi

519901
Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşýar

Şertnama Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministriniň orunbasary Feridun Sinirliogly, Ysraýylyň adyndan bolsa Daşary işler ministrliginiň Baş müdüri Dore Gold gol çekdi.

Taraplaryň şertnama gol çekmegi bilen birlikde tassyklama etaby başlady.

Şertnamanyň Ysraýylyň Ministrler kabineti bilen TBMM tarapyndan tassyklanmagyndan soň ikitaraplaýyn ýagdaýda ilçiler bellener.

2010-nji ýylyň 31-nji maýynda ysraýylly esgerler halkara suw giňişliginde Gaza ynsanperwer kömek alyp barýan Mawy Marmara gämisine hüjüm gurap, 9 adamy öldürdi.

Wakadan soň Türkiýe bilen Ysraýylyň arasyndaky gatnaşyklar dartgynlaşypdy.

2013-nji ýylda ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň şaýat bolmagynda Ysraýylyň Premýer ministri Bebýamin Netanýahu şol wagt Türkiýäniň Premýer ministri wezipesinde işlän R.T. Erdogandan telefon arkaly jaň edip ötünç sorapdy.



Degişli Habarlar