Ysraýyl jerime tölemegi kabul etdi

Ysraýyl “Mawi Marmara” hüjüminde pida bolanlaryň hossarlaryna jerime tölemegi we Türkiýäniň Gazadaky pajygaly şertlere çäre görmegini kabul etdi

518784
Ysraýyl jerime tölemegi kabul etdi

Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynyň kadalaşmagy baradaky ylalaşyk 26-njy iýun ýekşenbe güni Rimde tamamlandy.

Ysraýyl 2013-nji ýylyň mart aýynda Türkiýäniň islegini kanagatlandyryp, taryhda ilkinji gezek bir döwletden ötünç sorapdy.

Gazanylan ylalaşyga laýyklykda Türkiýäniň beýleki iki şerti hem Ysraýyl tarapyndan kabul edildi.

Şuňa laýyklykda Ysraýyl “Mawi Marmara” hüjüminde pida bolanlaryň hossarlaryna jerime tölemegi we Türkiýäniň Gazadaky pajygaly şertlere çäre görmegini hem kabul etdi.

İki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda Türkiýäniň Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegi bilen birlikde harby däl maksatly önümleriň getirilmegini üpjün eder we infrastruktura goýumlaryny amala aşyrar. Şoňa laýyklykda Gazanyň halky üçin ýaşaýyş jaýlary gurular we 200 adamlyk Türkiýe-Palestina Dostluk hassahanasy hem gysga möhletde ulanmaga beriler.

Gazanyň halkynyň gyssagly islegleri bolan elektrik togy we agyz suwy meselesi hem Gaza berilýän elektrik hem-de suw mukdarynyň artdyrylmagy we täze beketleriniň gurulmagy arkaly kanagatlandyrylar. Şeýlelikde Gaza bilen birlikde Günbatar Şeriýada gurulmagy meýilleşdirilýän Jenin Senagat Zolagy ýaly giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýeňilleşer.

İki ýurduň arasyndaky ylalaşykda Hamas bilen bagly haýsydyr bir madda ýok.

Ysraýyl bilen gazanylan ylalaşyga Türkiýäniň 2010-njy ýylyň 31-nji martyndan bäri alyp barýan ygrarly we egilşiksiz syýasatynyň netijesinde gazanylan diplomatik üstünlik hökmünde garalýar.

Ylalaşyk bilen “Mawi Marmarada” pida bolanlaryň isleýşi ýaly Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmeginiň ýoly açyldy.

Premýer ministr  Binali Ýyldyrym hem Ysraýyl bilen geçirilen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyk barada şu gün sagat 13:00-da Çankaýa köşkünde beýanat berer.



Degişli Habarlar