Çawuşogly liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Saud Arabystanynyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

518448
Çawuşogly liderler bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Mewlüt Çawuşogly Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Jubeýr bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň ýolbaşçylarynyň gurjak saparlarynyň gün tertibi ara alynyp maslahatlaşyldy.

Telefon söhbetdeşliginde Pars aýlagy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşi bilen Türkiýäniň arasynda geçiriljek V Strategik diýalog maslahatynyň näwagt geçiriljekgi barada pikir alyşyldy.

Çawuşogly mundan başgada Gazagystanyň Daşary işler ministri Erlan Idrisow we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Erlan Abdildaýew bilen hem söhbetdeş boldy.

Geçirilen telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar we sebitleýin meseleler ele alyndy.



Degişli Habarlar